Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy

12:4908.12.2023
1
23836

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy, şol sanda golýazma, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýaty öwreniş we taryh ylymlary boýunça täze açyşlar hem-de barlaglaryň netijeleri bilen okyjylary tanyşdyrmagy dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Žurnalyň «Täze ylmy açyşlar» bölüminde Türkiýäniň Pamukkale uniwersitetiniň mugallymynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly makalasy ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem okyjylaryň dykgatyna «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň edebi çeşmeleri» atly makala hödürlenilýär. Onda beýik akyldaryň eserleriniň türkmen edebiýatynyň üsti bilen döredijilik adamlarynyň arasyndaky ruhy arabaglanyşygy ýüze çykarmakda uly gollanma bolup hyzmat edýändigi nygtalýar.

Şol bölümde çap edilen «Günorta Türkmenistanda parlaryň irki döwleti» atly makala hem ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň ünsüni çeker. Onda türkmen we daşary ýurt alymlarynyň arheologik gözlegleriniň netijeleriniň antik döwrüň halkara syýasy durmuşynda we medeni ösüşinde möhüm orny eýelän Beýik Parfiýa döwletini döreden parlaryň (parfiýanlaryň) günorta Türkmenistanda ornaşmagynyň tapgyrlaryny seljermäge hem-de olaryň irki taryhynyň ençeme sahypalaryny dikeltmäge ýardam berýän täze çeşmeleri ýüze çykarandygy bellenilýär.

«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölümi «Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde nakyllar» atly makala bilen açylýar. Onda 1008 — 1105-nji ýyllarda ýaşap geçen türkmen dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly türkmençe-arapça düşündirişli sözlüginiň ilkinji neşiri barada maglumatlar ýerleşdirilipdir. Sözlük Stambul şäherindäki Millet kitaphanasynda saklanýan ýeke-täk golýazmasy esasynda arap dilinden terjime edilipdir. 1074-nji ýylda ýazylan we türkmen diline, edebiýatyna, taryhyna, medeniýetine degişli gymmatly maglumatlary öz içine alýan bu kitap türkşynaslar üçin möhüm gollanmadyr.

Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» bölümi bilen jemlenýär. Onda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy-medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär.

Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaş eserleriniň we fotosuratlarynyň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelip, giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň