Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

11 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

05:3707.12.2023
0
22909

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 11 aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seretmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we olaryň işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, harby bölümlerdäki işleriň ýagdaýy, şu ýylyň 11 aýynda ýurduň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda güýzki çagyryş möwsümi barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Bitaraplyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasy wezipelerine berk eýermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

"Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň hünär derejesini, nazaryýet, jemgyýetçilik-syýasy we beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak, häzirki döwrüň esasy talabydyr"- diýip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň harby gullukdan boşadylmagynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň talabalaýyk derejede geçirilmegini üpjün etmek barada hem tabşyryk berildi.

Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işler we olaryň netijeleri, degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri we wezipe borçlary, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny hem-de dünýäniň döwletleri we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny belledi.

Ýurduň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini we işini döwrebaplaşdyrmak, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna mundan beýläk-de uly üns beriljekdigi aýratyn nygtaldy.

11 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň