Soňky habarlar

Arhiw

Wladimir Baýramow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi bolup işläp başlady

09:5603.12.2023
0
25185

«Arkadag» futbol toparyna täze baş tälimçi bellenildi. Mundan beýläk topary 2003/04-nji ýyllaryň möwsüminde Russiýanyň kubogyna, 2013-nji ýylda bolsa AFK-nyň prezidentiniň kubogyna mynasyp bolan türkmen ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Wladimir Baýramow tälim berer. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.

Klub Baýramow bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy. Eger onuň netijeleri gowy bolsa, şertnama uzaldylar. Täze baş tälimçiniň topary üstünlikleriň täze belentliklerine çykarmagyna garaşylýar. Onuň baý tejribesi toparyň futbolçylarynyň oýun derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Kazanyň «Rubininde» 83 duşuşyga çykan Wladimir Baýramow toparda 15 gezek tapawutlanmagy başarypdy.

1980-nji ýylda doglan Baýramow Aşgabadyň 39-njy orta mekdebiniň uçurymy. Ol ýokary bilimi häzirki Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda aldy. Onuň ilkinji tälimçisi Sergeý Kazankow.

Baýramow «Rubinden» başga-da, Türkmenistanyň «Köpetdag», «Ahal», «Balkan» we «Dagdan», Gazagystanyň «Ženis», «Akses Golden Greýn», «Tobol», «Kairat», Russiýanyň «Kristall», «Metallurg», «Ahmat» (Groznyý), «Himki» toparlarynyň köýnekçelerini geýdi. Futbol ýolunda 264 resmi duşuşyga çykan baýramow olarda 70 gezek tapawutlandy. Professional ligalarda 16 möwsüm geçiren baýramow 1998-nji ýylda Türkmenistanyň çempiny boldy, 1997-nji, 1999-njy ýyllarda Türkmenistanyň, 2003/2004-nji ýyllaryň möwsüminde bolsa Russiýanyň kubogyny gazandy.

Şeýle hem Baýramowyň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda «Balkan» toparynyň düzüminde AFK-nyň prezidentiniň kubogyna mynasyp bolandygyny aýtmak gerek. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 35 duşuşyk geçirip, olarda 16 gezek tapawutlandy. Milli ýygyndynyň hatarynda 2004-nji ýylda Hytaýda geçirilen Aziýanyň kubogyna hem gatnaşdy.

Professional futbol ýoluny 2013-nji ýylda tamamlan Baýramow Tatarystanyň Wahitow etrabyndaky Kazan çagalar we ýetginjekler futbol mekdebinde tälimçi bolup işläp başlady.

«Arkadag» toparynyň metbugat gullugyndan berilýän habara görä, Baýramow toparyň «Energetik» bilen geçiren duşuşygyndan (2:0) başlap, baş tälimçisi bolup işe girişdi.

19 duşuşykda 57 utuk toplan «Arkadag» topary ikinji orundaky «Altyn asyrdan» 13 utuk öňde.

Adybir «akylly» şäheriň topary şu gün sagat 15-de «Nusaý» stadionynda geçiriljek duşuşykda «Altyn asyry» ýeňse, möwsümiň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda çempion bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň