Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň çäginde «100 çüwdürim» we «Baýram han türkmen» seýilgähleriniň durkuny täzelemek işlerini geçirmek üçin bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri 2024-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminde kabul edilýär hem-de hasaba alynýar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýär.