Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Londonda «Türkmenistanyň maýa goýumy we ösüşi» atly işewürlik forumy geçirildi

11:0823.11.2023
0
19551

Ozal habar berşimiz ýaly, 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherinde «Türkmenistanyň maýa goýumy we ösüşi» atly işewürlik forumy öz işine başlady. Bu foruma dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan kompaniýalaryň wekilleriniň 350-den gowragy gatnaşdylar.

Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, forumda öňdebaryjy kompaniýalar Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdylar. Şeýle hem ýurduň geljekki ösüş meýilnamalaryna täze tehnologiýalary we öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmak babatda pikir alyşmalar guraldy. Mundan başga-da, forumyň dowamynda halkara işewür toparlary, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Türkmenistanyň resmi wekilleri bilen bilelikde häzirki wagtda bar bolan taslamalary ösdürmek we täze mümkinçilikler döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň