Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň başlygy, Tokionyň tehnologiýalar institutynyň hormatly professory H.Koinomanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
16-njy noýabrda bolan duşuşygyň barşynda ylym, bilim we tehnologiýa ugurlarynda türkmen-ýapon özara hereketleriniň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar ylym-bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.
Habarda bellenilişi ýaly ýokary okuw mekdepleriň ugry boýunça gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagy maksady bilen taraplar hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça pikir alyşdylar.