Soňky habarlar

Arhiw

Görogly etrabynda soňky ýüz ýylda ikinji gezek üçem perzentler dünýä indi

14:5114.11.2023
0
60443

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentleriň dünýä inmegi etrapda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy. Bu barada oilgas.gov.tm ýazýar.

Gyz çagalara Dünýä, Dursun, Abat diýip at dakyldy. Bu agzybir maşgalada 10-luk san bilen bagly şowlulyklaryň hatary köp duş gelýär. Olaryň ýekeje bir tymsaly — 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda 10 sagat 10 minutda üçemleriň dünýä inmegi hem nobatdaky maşgala rowaçlygy hökmünde söýgülendi diýlip, habarda bellenilýär.

Maşgalabaşy Şahymerdan Şammyýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Daşoguznebitönümleri» kärhanasynda on ýyldan gowrak wagtdan bäri sürüji bolup, zähmet çekip gelýär. Sülgün Töräýewa bolsa 2010-njy ýyldan bäri obada öý hojalykçy, ussat pileçi, edermen ýygymçy, nesilleriň ajaýyp terbiýeçisi hökmünde tanalýar.

Şahymerdan bilen Sülgüniň maşgalasynda öňem iki çaganyň bardygyny bellemek gerek. Maşgalanyň ilkinji perzendi Altynaý Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji synpynda, Jöwher bolsa şol orta mekdebiň 2-nji synpynda okaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň