Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollarynyň» işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçiriler

12:3502.07.2024
0
13698

8 – 12-nji iýulda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu nazaryýet we usuly okuwlary Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy (ECAC) tarapyndan «Awiasiýa howpsuzlygy boýunça Milli gözegçi» okuw maksatnamasy esasynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň, onuň garamagyndaky halkara howa menzilleriniň, şeýle hem sebitde gyzyklanma bildirýän taraplaryň, ýagny Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň hünärmenleri gatnaşarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, okuwlaryň geçirilmegi «Türkmenhowaýollary» agentliginiň, onuň garamagyndaky halkara howa menzilleriniň, şol sanda awiasiýa howpsuzlygy boýunça daşary ýurtlaryň hünärmenlerini taýýarlamak we bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiň halkara ülňülerine laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň