Top.Mail.Ru

Arhiw

Wenesiýada «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:4613.11.2023
0
39365

Wenesiýa şäherinde ýerleşýän «Ka Sagredo» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Weneto sebitiniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Dabarada Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini belläp geçdi. Türkmen diplomaty çykyşynyň dowamynda kitabyň italýan diline terjime edilmegine goldaw beren Weneto sebitiniň Gubernatorynyň edarasyna we ähli italiýaly hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de, Ka Foskari institutynyň prorektory, professor Markomini dabarada çykyş edip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň italýan diline terjime edilmeginiň italýan jemgyýetine türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we döwleti dolandyrmak däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady.

Mundan başga-da, tanyşdyrylyş çäresiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hem söz sözlediler.

Kitabyň tanyşdyrylyş çäresi tamamlanandan soňra, ol ýerde şu dabara gatnaşmak üçin Italiýa sapar bilen baran Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Konsertde türkmen halkynyň nusgawy aýdym-sazlary, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi.

Şeýle-de dabaranyň çäklerinde myhmanlara türkmen milli tagamlary hem hödür edildi. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Mundan ozal türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Wenesiýa barandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň