Top.Mail.Ru

Arhiw

14-nji noýabrda Türkmenistanda Halkara teatr festiwaly başlanar

12:2813.11.2023
0
26469

Ertir Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly başlanar.

Ir bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda festiwalyň açylyş dabarasy bolar.

Alp Arslan adyndanky milli drama teatrynda 17.30-da Gazagystan Respublikasynyň Biken adyndaky Taldykorgan drama teatry tarapyndan getirilen “Goragsyzyň güni” pýesasynyň görkezilişine bolar.

Soňra sagat 15:00-da Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Köňüller kelamy» atly sahna oýny görkeziler.

Sagat 17:00-da Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Täjigistan Respublikasynyň Mahmudjon Wahidow adyndaky Täjik döwlet ýaşlar teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Watandan uzakda bir gije» atly sahna oýnunyň görkezilişi bolar. Bu spektaklyň wakalary täjigistanly şahyr Bozor Sobiriň ata watana bolan söýgi barada ýazan eserine esaslanýar.

Festiwalyň birinji güni Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň «Şasenem we Garyp» sahna oýnunyň görkezilmegi bilen tamamlanar. Spektaklyň görkezilişi sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler.

Teatr festiwaly 16-njy noýabra çenli dowam eder. Festiwalyň çäklerinde görkeziljek oýunlara giriş ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň