Top.Mail.Ru

«Arkadag» futbol toparynyň resmi nyşany tassyklandy

11:5309.11.2023
0
28998

«Arkadag» futbol toparynyň resmi nyşany tassyklanyldy. Bu barada «Arkadag» gazeti habar berýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýa­kyn­da ýur­tda­ky il­kin­ji «akyl­ly» şä­her­de alnyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­ly­gy­nyň bar­şyn­da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze to­pa­ryň ny­şa­ny­nyň şe­kil tasla­ma­la­ry hö­dür­le­nil­di. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hö­dür­le­nen tas­la­ma­laryň ara­syn­da şu habarymyz bi­len ugur­daş­lyk­da syn­la­ýan şe­ki­li­ňi­zi täze to­pa­ryň res­mi ny­şa­ny hök­mün­de tassyklap berdi.

Ny­şan spor­tuň, do­wam­ly öňe­gi­diş­li­giň we be­lent mak­sat­la­ryň ru­hu­ny özün­de jem­leýär. Ny­şa­nyň ma­wy as­man we ba­şy gar­ly dag­lar bi­len ky­bap­daş umu­my reň­ki süň­ňün­dä­ki şe­kil­ler bi­len sazlaş­ýar. Kö­pet­da­gy ýas­sa­nyp otu­ran «akyl­ly» şä­her bi­len ady­bir to­par edil aja­ýyp Ak­ha­nyň çar­pa­ýa ga­ly­şy bi­len bü­tin dün­ýä­ni aňk edi­şi ýa­ly, türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­lary ýa­zar. To­pa­ryň şe­kil ýaz­gy­syn­da bol­sa, aňy­my­za Ar­ka­dag şä­he­ri­niň be­ýik ady bi­len or­na­şan gör­nüş­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Mun­dan beý­läk bu ny­şan «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­rynyň res­mi ny­şa­ny hök­mün­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne aýan bo­lar. Il­kin­ji no­bat­da, ol to­pa­ryň fut­bol­çy­la­ry­nyň dö­şü­ni, soň­ra-da azym-azym ýa­ryşla­ryň öň­dä­ki orun­la­ry­ny be­zär.

Ýe­ri ge­len­de, to­pa­ryň il­kin­ji möwsü­mi­ni örän aja­ýyp ge­çir­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Möw­sü­miň ba­şyn­dan bä­ri, Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da 18, Ku­bok ýa­ry­şyn­da bol­sa 5 du­şu­şyk ge­çi­ren to­par şo­la­ryň äh­li­sin­de-de ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýär. To­pa­ryň futbol­çy­la­ry bu du­şu­şyk­lar­da gar­şy­daş der­we­ze­ler­inden 85 pök­gi ge­çir­di­ler. Şo­la­ryň30-sy­ny tej­ri­be­lihü­jüm­çiDi­dar Dur­dy­ýew öz ady­na ýaz­dyr­dy. Çem­pion­ly­ga we ýur­du­my­zyň ku­bo­gy­na ju­da ýa­kyn to­par gel­jek ýyl­dan özü­ni hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de hem gör­ke­zip baş­lar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň