Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň serhet we gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

09:1405.11.2023
0
34460

31-nji oktýabrdan 2-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Okuw Merkeziniň işgärleri Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet we gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Okuw maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet goragynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMKA-10) çäginde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Çäräniň maksady, okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de gümrük we serhet gulluklarynyň okuw bölümlerine innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet we gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygydyr tejribe alyşmagy ösdürmekdir.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw maslahatyň çäginde gatnaşyjylaryň ýolbaşçylyk we işgärleri dolandyrmak ugrundaky başarnyklaryny ösdürmek üçin sapak geçirildi. Oňa gatnaşyjylar hünär ülňüleri ulgamy bilen tanyşdylar, höweslendiriş we öndürijilik bahalandyryş ulgamyny ulanmakda tejribe alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, Hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet serhet institutyna baryldy we institutyň wekilleri tarapyndan tanyşdyryş çäresi guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň