Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň ýurtlaryny 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy

17:3403.11.2023
0
40289

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy sammitinde çykyş etdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylda meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nygtady.

— Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi öňümizdäki ýyl ýurdumyzda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýaryn — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjylara ýüzlendi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işleri has-da berkitmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.

Hususan-da, Gahryman Arkadag ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, öňdebaryjy ylym merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary depginli ösdürmegi teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň