Soňky habarlar

Arhiw

TDG-niň X sammitinde 12 sany resminama gol çekildi

15:3903.11.2023
0
24578
TDG-niň X sammitinde 12 sany resminama gol çekildi
Surat: akorda.kz

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Gazagystanyň Astana şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türki döwletleriň guramasynyň ýubileý X sammiti geçirildi.

Sammite Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban hem-de TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew dagy hem gatnaşdylar.

Sammitiň jemleri boýunça 12 sany resminama gol çekildi. Olar şulardan ybarat:

  • Astana kararnamasy (akty);
  • Türki döwletleriň guramasynyň X sammitiniň jarnamasy;
  • Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi «Türki dünýäniň ýokary ordeni» bilen sylaglamak hakynda döwlet Baştutanlarynyň karary;
  • Türki dünýäniň maliýe merkezi derejesini bermek barada döwlet Baştutanlarynyň karary;
  • Türki döwletleriň guramasynyň täze baýdagyny döretmek hakyndaky karar;
  • Döwlet Baştutanlarynyň wezipä bellemek baradaky karary;
  • Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna Türki döwletleriň guramasyna synçy derejesini bermek baradaky karar;
  • 6-njy fewraly tebigy betbagtçylyklarda pida bolanlary hatyralamak we Türki döwletleriň guramasynda raýdaşlyk güni hökmünde tassyklamak baradaky karar;
  • Türki döwletleriň guramasynyň Sekretariatynyň býujet dolandyryş düzgünleri baradaky karar;
  • «Türki döwletleriň guramasynyň hemişelik wekilleri hakyndaky Düzgünnamany» işläp düzmek barada karar;
  • Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriniň meterologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekleri baradaky teswirnama;
  • 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Ulag-aragatnaşyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türki döwletleriň guramasynyň Bilelikdäki hereketleriniň meýilnamasy (Ýol kartasy).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň