Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Soltan» restoranlary naharlary eltip bermek hyzmatlaryny hödürleýär

14:5703.11.2023
0
36479

Aşgabadyň dürli künjeginde ýerleşýän «Soltan» restoranlar torunyň restoranlaryna baryp naharlanmak — hemişe özboluşly täsirli bolup, dünýäniň meşhur aşhanalarynyň tagamlaryndan, oňaýly atmosferadan hem-de ýokary derejeli hyzmatlardan lezzet almaga mümkinçilik berýär. Bu lezzeti uzaltmak isleýänleriň dykgatyna bolsa restoranyň eltip bermek hyzmaty giňden ýardam eder.

Şeýle bir ýagdaýlar bolýar, taýýar nahar sargyt etmek esasy, iň göwnejaý çykalga bolup dadyňa ýetişýär. Mysal üçin, bu hyzmat edarada ýa-da ofisde işleýänler üçin has hem oňaýlydyr, sebäbi öý hojalykçy zenan öz maşgalasy üçin islendik tagamly nahary taýýarlamaly bolanda, ýa bolmasa-da garaşylmadyk myhmanlar ýa-da garyndaşlar üçin işden gelip gyssagly ýagdaýda giňden saçak ýazmaly bolan halatynda hemişe wagt tapylyp durmaýar. Ýogsa-da, nahar sargyt etmek hyzmaty aşpezlikden oňat baş çykarmaýan ýa-da işe ähmiýet berip, nahar taýýarlamagy başarmaýan adamlar üçinem örän ýerlikli çözgütdir.

Bu meseleler bilen gabatlaşan ýagdaýyňda «Soltan» restoranlaryna ýüz tutup, göwnüňe ýaraýan naharyňy sargyt edeniň iň amatlysydyr. Restoranlaryň çaparlary sargyt edilen tagamlary şäheriň islendik nokadyna, ofise ýa-da müşderiniň ýaşaýan ýerine edil görkezilen wagtyň özünde eltip bererler. Bu tagamlar türk aşhanasynyň süýjüden dokundyryjy tagamlary, şeýle-de «Soltan» restoranlarynyň giňden tanalýan dürli görnüşli işdäaçarlary we naharlary bolup biler.

Iş ýeriňde tiz naharlanmak ýa-da günortanlyk edinmek üçin etli we ter gök önümli datly gamburgerleri, çizburgerleri, hot-doglary, kitirdewük ýeralma frilerini we altynsow towuk naggetslerini, pizzanyň we pidäniň birnäçe görnüşlerini ýa-da sygyr hem-de towuk etlerinden dönerleri sargyt etmek laýyk bolar.

«Soltan» restoranlary şeýle-de özbaşdak bellenilýän baýramçylyk dabaralary — doglan günler we ýubileýler, oturylyşyk agşamlary we beýleki dabaralar üçin tortlary hem-de dürli konditer önümlerini sargyt etmek, şeýle-de eltip bermek hyzmatlaryny hödürleýär. Konditer önümleri, tortlar, desertler we sufleler, pahlawa, wafli, beýleki süýjüler hem-de konditer önümleri — bularyň ählisi uly tejribesi bolan hünärmenleriň elleri bilen taýýarlanylýar, olary bişirmekde bolsa diňe iň täze we ýokary hilli goşundylardan, döwrebap konditer taýýarlaýyş tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Şoňa görä-de, bu süýjüliklere türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary uly isleg bildirýärler.

«Soltan» restoranlarynyň eltip bermek hyzmaty göz öňünde tutulan ähli esasy talaplara laýyk gelýär — tagamlar tejribeli çaparlar tarapyndan wagtynda eltilýär, baş aşpeziň kesgitlemegine laýyklykda, iýmitleri daşamak ýörite gaplamalarda, gutularda ýa-da termiki konwertlerde amala aşyrylýar.

Öňde duran baýramçylyklary göz öňüne tutup ediljek sargytlar öňünden kabul edilýär.

«Soltan» restoranlarynyň salgylary we belgileri:

  • «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 17. Telefon belgileri: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;
  • «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefon belgileri: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
  • «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefon belgileri: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;
  • Andalyp köç., 80 B, 2-nji gat (Parahat-4). Telefon belgileri: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26;
  • Magtymguly şaýoly, 217-nji jaý, «Gül Zemin» söwda merkezi, 3-nji gat, D 09. Telefon belgileri: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80;
  • «Aşgabat» SDAM, 3-nji gat C-3.24. Telefon belgileri: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51;
  • G. Kuliýew köç., 72-nji jaý, 2-nji gat («Soltan» binasy). Telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň