Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri duşuşdylar

11:0601.11.2023
0
23895

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Park Jin bilen gepleşik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik, durnukly we uzak möhletli häsiýete eýedigini nygtadylar.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, gepleşikleriň barşynda Arkadag şäherinde senagat toparyny döretmek we gazhimiýa zawodlaryny gurmak taslamalaryna üns çekildi.

Taraplar elektrik ulaglaryny we elektrik awtobuslaryny satyn almak, Türkmenistanda «akylly» şäherleri gurmakda iň täze sanly, aragatnaşyk we beýleki tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin maýa goýumlaryny, suw serişdelerini tygşytly ulanmak üçin deňiz suwlaryny süýjediji usullary ara alyp maslahatlaşdylar.

Üns çekilen mowzuklar maliýeleşdirmegiň diwersifikasiýasy, ýaşyl we wodorod energiýasy boýunça Koreýanyň tejribesini öwrenmek hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçilik desgalaryny döretmek ýaly meseleleri öz içine aldy.

Raşid Meredow we Park Jin söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň möhüm ornuny bellediler.

Mundan başga-da, bilim, ylym, koreý dilini öwrenmek, saglygy goraýyş we lukmançylyk ugurlary medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi.

Medeni alyş-çalyşlaryň we Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň mart aýynda Koreýa Respublikasynda üstünlikli geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, taraplar 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet hepdeligini mynasyp guramagyň zerurdygyny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň