ITEA halkara IT akademiýasy ähli isleg bildirýänleri «Neýro ulgam şekilleri nädip döredýär» atly Açyk gapylar gününe çagyrýar.
Neýro ulgam – bu biologiki neýron ulgamlarynyň işleýiş ýörelgelerine esaslanýan kompýuter modelleridir. Olar maglumatlary gaýtadan işlemäge we olary öwrenmäeg ukyply köp sanly özara baglanyşykly düwünlerden ybaratdyr. Neýro ulgam güýçli gural bolup durýar, ol şekil we söz tanamakdan başlap, aýdym-saz we oýunlary döretmäge çenli dürli meseleleri çözmek üçin ulanylyp bilner.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar aşakdaky soraglara jogap alarlar:
Neýro ulgam nähili işleýär?
Neýro ulgam näme?
Neýro ulgamyň haýsy görnüşleri bar?
Ulgam haýsy görnüşe görä işleýär?
Neýro ulgamyň ulanylmagy adamzady nirä alyp barar?
Çäräniň alypbaryjysy – ITEA-nyň mugallymy, 3 ýyllyk tejribesi bolan «Backend» işläp düzüjisi Annanazar Annanazarow. Onuň «Data Science» we «Django» ugurlary boýunça birnäçe işleri bardyr. Açyk gapylar gününde Annanazar neýro ulgamyň syrlaryny açar, gatnaşyjylar bilen bu ugurdaky bilimlerini we tejribelerini paýlaşar.
Çäre 9-njy noýabrda sagat 18:30-da şu salgyda geçiriler: Atatürk köç., «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, ofis A7, «Iş Nokady» kompaniýasynyň ofisi.
Giriş mugt, emma görkezilen salgy ýa-da (+993 63) 42 67 51 we (+993 63) 47 11 92 telefon belgilerine jaň etmek arkaly hasaba alynmak zerurdyr.