Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynda «Köpetdag» hem-de «Nebitçi» toparlarynyň arasyndaky Aşgabatda geçirilen duşuşyk deňlikde tamamlandy. 2:2 hasabynda tamamlanan oýunda ýer eýesi «Köpetdag» oýnuň esasy wagtyna emin tarapyndan goşulan birinji minutda ýeňlişden halas boldy.
19-njy minutda Batyr Täçnazarow ýer eýelerini hasapda öňe çykardy. Ýöne soňra «Köpetdag» öz derwezesinden yzly-yzyna iki top alyp çykmaga mejbur boldy. Has takygy, 46-njy minutda Myrat Amantaganow hasaby deňlän bolsa, Serdar Tukiýew 55-nji minutda hasapdaky üstünligi myhmanlaryň tarapynda agdyrdy. Ýer eýeleri bolsa oýnuň gutarmagyna sähelçe wagt galanda, 91-nji minutda Baýramgeldi Gulmaýewiň dürs urgusy bilen ýeňlişden halas boldular.
Deňlikden soňra «Köpetdag» utuklaryny 21-e ýetirip, turnir tablisasyndaky dördünji ornuny berkitdi. «Nebitçi» bolsa 29 utuk bilen üçünji orny ynamly özünde saklaýar.