Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» «Aşgabady» kynçylyk bilen utdy

20:5429.10.2023
0
23030

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherindäki «Nisa» stadionynda geçirilen oýunda «Ahal» «Aşgabady» kabul etdi. Oýun Serdar Geldiýewden tälim alýan toparyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Oýnuň dokuzynjy minutynda «Aşgabat» toparynyň oýunçysy Begmyrat Pirgulyýew hasaby açdy. Duşuşygyň birinji ýarymy şol hasapda myhmanlaryň üstünligi bilen gutardy. Emma «Ahal» ikinji ýarymda oýnuň hörpüni üýtgedip, ýeňşi öz tarapyna geçirmegi başardy. Has takygy, 78-nji minutda Alybek Abdyrahmanow hasaby deňledi, ätiýaçdan oýna goşulan Gurban Annaýew oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna bäş minut galanda «Ahala» ýeňiş getiren goly derwezä gönükdirdi.

Ýeňişden soňra utuklarynyň sanyny 19-a ýetiren «Ahal» häzirki wagtda turnir tablisasynda 6-njy ýerde barýar. «Ahaldan» bir utuk köp toplan «Aşgabat» bolsa bäşinji orny eýeläp dur.

Indiki tapgyrda «Aşgabat» 2-nji noýabr güni myhmançylykda «Altyn asyr» bilen, «Ahal» bolsa bir gün soňra Balkanabatda «Nebitçi» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň