Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Guwlymaýakda täze medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy başlanar

23:2228.10.2023
0
38946

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 4 gatly, 472 maşgala niýetlenen «Gyýanly» ýaşaýyş jaý toplumynyň, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işlerine başlamaga taýýarlyk görülýär. Bu taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Wise-premýer hasabatynyň barşynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmaga, şeýle-de ýurtda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny döretmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan «Mary — Ahal» asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýändigi barada hem aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň, şeýle hem täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň