Ýakyn wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda kuwwaty 1,574 MWt bolan täze elektrik bekediniň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçirilen gepleşiklerde aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Ýerli hünärmenleriň türk kärdeşleri bilen bilelikde gurjak desgasy üçünji ýurtlaryň üsti bilen Türkiýä elektrik energiýasyny eksport etmek üçin mümkinçilik döreder diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.
Şeýle hem S.Berdimuhamedow energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň iki ýurt üçin hem bähbitli boljakdygyny we munuň üçin zerur hukuk binýadynyň bardygyny nygtady.
Ýokary derejeli gepleşiklerde döwlet Baştutanlary Türkiýäni tebigy gaz bilen üpjün etmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.