Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

19:5226.10.2023
0
40550
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidenti tarapyndan kabul edildi
Surat: aa.com.tr

Ankarada iki günlük resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

«Anadolu»-nyň habar bermegine görä, resmi garşylanyş çäreleri geçirilenden soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary baýdaklaryň öňünde surata düşdüler.

Ankarada hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ikiçäk we iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki geçirilen duşuşygyň dowamynda doganlyk döwletleriň Baştutanlary dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanlary energetika, ulag, maýa goýumlary, ýokary tehnologiýalar ugurlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berdiler.

Duşuşykda taraplar sebitara we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirýän birnäçe möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk iki doganlyk halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ýolunda möhüm wakadyr. Taraplaryň hoşniýetli erk-islegi we bar bolan ägirt uly kuwwatlyklary köp ýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmak, ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň