Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna bardy. Bu barada TDH habar berdi.
Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Esenboga» Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Emele gelen asylly myhmansöýerlik däbine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentine gül desseleri gowşuryldy.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Türkiýe Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde ykrar edilen Bitaraplyk derejesini iki gezek goldan ýurtdur diýlip, habarda bellenilýär.
Prezident Serdar Beridmuhamedow Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerde bu ýurda amala aşyrjak resmi saparynyň dowamynda türk Lideri Rejep Taýyp Ärdogan bilen iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar. Hususan-da, gepleşiklerde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklara aýratyn üns berler. Şeýle-de saparyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.