Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Tokaýewe gutlag hatyny iberdi

09:4825.10.2023
0
17024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, onuň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbitlerine hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli wezipesinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň