Aşgabatda «Türkmenistan – BAE» işewürler maslahaty geçirildi

09:1226.06.2024
0
7629

Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri» işewürler maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdy diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, çärä energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine ykdysady, maýa goýum, senagat pudaklarynda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri girizildi.

Forumda çykyş edenler ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmek arkaly netijeli dialoga açykdygyny bellediler. Ýurtda döredilen amatly maýa goýum şertleriniň we işewürligi alyp barmagyň guramaçylyk-hukuk ýagdaýynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemek üçin köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şol sanda BAE-niň işewür toparlaryny çekmäge kömek edýändigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýjüne öwrülip biljek we maýa goýumlary çekmek, garyşyk önümçilikleri döretmek, häzirki zaman infrastruktura ulgamyny emele getirmek, bank-maliýe ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjak bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi hem öz içine alýar.

BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň forumda eden çykyşlarynda Emirlikleriň iri kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen işewürler maslahatynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi.

Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça giň gerimli taslamalaryň işlenip düzülýändigi we bu ugurda uly tejribesi bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda BAE-niň belli kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmäge taýýardygy nygtaldy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýerlikli ulanmak ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn mowzuklarynyň biri boldy. Oba hojalygy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, öňdebaryjy tehnologiýalary, gurluşyk, saglygy goraýyş, ekologiýa hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge we tutuş türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirilýändikleri nygtaldy.

Türkmen telekeçileriniň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga, kärdeşleri bilen dialogy giňeltmäge, olaryň üstünlikli tejribesini ulanmaga, häzirki zaman iş dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmaga taýýardygy nygtaldy.

Forumyň çäklerinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de ýakyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň