Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyşyna gatnaşyjylary sanly ulgam arkaly gutlady

23:4325.06.2024
0
6775

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaranyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi.

Gahryman Arkadag çykyşynda bu merkeziň geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, halkyň ruhy galkynyşynda, ýurduň beýik ösüşlerini wasp etmekde medeniýete we sungata uly orun degişlidigini belledi.

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň häzirki belent derejelere ýetmegi üçin, ençeme şahsyýetleriň yhlasly zähmet çekendikleri, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirendikleri barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Jemal Saparowanyň hem türkmen sungatynyň belent sepgitlere ýetmeginde mynasyp paýynyň bardygyny belledi.

— Ol sungat ýolunda aýdymçy, tans goýujy, kompozitor hökmünde halkyň ýüreginde orun alyp, milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmekde köp hyzmatlary bitirdi. Görnükli halypalaryň ýoluny ýöretmegi, Magtymguly Pyragy ýaly söz ussatlarynyň eserlerine döreden aýdymlary onuň sungatynyň has-da rowaçlanmagyna getirdi — diýip, Gahryman Arkadag aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy:

— Biz medeniýeti halkyň kalbyna, milletiň mertebesine deňeýäris. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Dürli ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallarda, Medeniýet günlerinde «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa toparynyň milli lybaslardaky, milli duýgulara ýugrulan çykyşlary tutuş halkymyzyň ýüzi bolup, göwünlere ylham berýär...

Öz sungatyň bilen halka hyzmat etmek bilen bir hatarda, guramaçylyk, ýolbaşçylyk işlerini alyp barmak, ýaşlara halypalyk edip, olary döredijilige ugrukdyrmak tutanýerli zähmeti, yhlasly işleri talap edýär. Jemal Saparowa hut şeýle jogapkärli işleriň hem hötdesinden gelmegi başarýar — diýdi.

Jemal Saparowanyň halypa hökmünde köp sanly şägirtleri ýetişdirendigi hem bellenildi.

— Onuň ýetişdiren şägirtleri bu gün ussat çykyp, «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk artisti» diýen derejelere, abraýly döwlet sylaglaryna, baýraklara mynasyp boldular. Biz muňa tüýs ýürekden guwanýarys — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Gahryman Arkadag:

— Bilşimiz ýaly, öz döwründe Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Roza Töräýewa, Annagül Annakulyýewa we beýleki köp zehinli zenan halypalarymyz halkymyzyň öňünde uly hyzmatlary bitirip, milli sungatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar. Biz halypa bagşy Jemal Saparowanyň döredijiliginde öňden gelýän bu asylly ýoluň dowamatyny görýäris. Kämilligiň çägi ýok. Sungatda, döredijilikde serhet bolmaýar. Biz halypa bagşynyň mundan beýläk hem ýurdumyz üçin, milli sungatymyz üçin uly işleri bitirip, täze eserleri döretjekdigine ynanýarys — diýdi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň «Dokmaçylar» folklor, etnografiýa, aýdym-saz we tans toparynyň düzüminde ýüzlerçe adam zähmet çekýär. Bu merkezde olaryň döredijilikli, döwrebap şertlerden peýdalanyp işlemekleri üçin ähli şertler döredildi.

«Binagärligiň milli hem-de döwrebap äheňleriniň sazlaşygynda gurlan täze bina hakyky sungat köşgi bolar» diýip, Gahryman Arkadag belledi.

Çykyşynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu dabara bagyşlan «Jemal bagşy Siz» atly goşgusyny okady:

Giň jahanyň görki bahar-ýazdadyr,

Ojaklaryň berki halal duzdadyr,

Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr,

Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz!

Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!

Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar,

Diýaryma täze taryh ýaraşar,

Parahatlyk sungat bilen gül açar,

Watana söýgüde belent bagtyňyz,

Ýaş nesle nusgalyk Jemal bagşy Siz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň