Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy

22:3425.06.2024
0
8992

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, täze desganyň öňündäki meýdançada uly joşguna beslenen baýramçylyk ýagdaýy emele getirildi. Täze binanyň çägi baýramçylyk ruhunda bezeldi. Şanly waka mynasybetli bu ýere köp sanly türkmenistanlylar, şol sanda Aşgabadyň myhmanlary ýygnandylar.

«Dokmaçylar» folklor-etnografiýa topary tarapyndan türkmen halkynyň ajaýyp gadymy däpleriniň öwüşginlerini özünde jemleýän ajaýyp tanslar ýerine ýetirilip, hoş owazly aýdym-sazlar ýaňlandy. Döwürleriň we nesilleriň arasyndaky mizemez arabaglanyşygy özünde jemleýän ajaýyp çykyşlar gözbaşy müňýyllyklara uzaýan baý türkmen medeniýetiniň gözelligi dolulygyna şöhlelendirildi.

Dabaranyň barşynda soňra sanly ulgam arkaly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi.

Bu ýere ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny hem uly üns bilen diňlediler.

Soňra hormatly ýaşulular «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň baş girelgesiniň öňüne geldiler we çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda toý bagyny kesdiler. Şol pursat asmana dürli öwüşginli howa şarlary uçuryldy.

Medeni merkezde ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli şertler döredilipdir. Hususan-da, giň gerimli forumlary we şowhunly çykyşlary geçirmek üçin 420 orunlyk uly konsert zaly göz öňünde tutulypdyr. Konsert zaly ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sahna, akustiki ulgamlar we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilipdir.

Tans toparlary üçin niýetlenen zalda dabara gatnaşyjylar «Dokmaçylar» çagalar döredijilik toparynyň horeografiki sapaklaryna tomaşa etdiler we konsertlere taýýarlyk görmek, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Binada grim bilen bezemek we lybas üpjünçiligi, wideo we ses ýazgylaryny işlemek üçin ýörite ýerler bölünip berlipdir. Bu ýerde şeýle hem gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça meşgullanmak üçin gurnaklaryň ulgamy hereket eder.

Soňra «Dokmaçylar» medeni merkeziniň myhmanlary döwrebap türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes-sport zalyna baryp gördüler we tälimçilik işlerini guramak üçin döredilen mümkinçiliklere baha berdiler.

Myhmanlar öňdebaryjy ses enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ses ýazgylary studiýasy bilen hem tanyşdylar. Bu ýerdäki enjamlar ses ýazgylary timarlamak üçin iň täze programmalary we gurallary ulanmak arkaly aýdym-sazyň dürli ugurlary boýunça ýazgy etmäge mümkinçilik berýär.

Täze desgada üsti açyk awtoduralga merkeziň işgärleriniň we oňa gelýänleriň hyzmatyndadyr. Bu ýerde ulag-aragatnaşyk we hyzmat edişiň beýleki ulgamlary ýola goýlupdyr.

Medeni merkeziň eýwanynda «Dokmaçylar» folklor-etnografik toparynyň sahna lybaslarynyň we bezegleriniň sergisi hem guraldy.

Soňra medeni merkeziň öňündäki meýdançada pudagyň aýdym-sazly tans toparynyň gatnaşmagynda konsert boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň