Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleri 2024-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna gol çekdiler

12:0424.10.2023
0
27120

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ministrler derejesindäki «Merkezi Aziýa — ÝB» duşuşygyna gatnaşmagynyň çäginde Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň başynda Odobesku Merkezi Aziýa sebitiniň Rumyniýa üçin strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Ýurduň sebit bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun oýnaýandygy bellenildi. Türkmenistanyň Rumyniýanyň bu sebitdäki ileri tutulýan hyzmatdaşlaryndan biri hasaplanýandygy nygtaldy.

Özara gatnaşyklaryň syýasy we diplomatik taraplaryny göz öňünde tutup, R.Meredow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna ünsi çekdi. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Rumyniýa amala aşyran ilkinji saparynyň ähmiýeti, munuň hyzmatdaşlygyň geljegine berk binýat bolup hyzmat edendigi nygtaldy.

Taraplar halkara giňişlikde özara goldawyň möhümdigini belläp geçdiler. Hususan-da, türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen kararnamalaryny kabul etmekde beren goldawy üçin rumyn tarapyna hoşallyk bildirdi.

Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda ulag we energetika ýaly geljegi uly bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika boýunça iş toparynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi. Şeýle hem Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesiniň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar sanlylaşdyrmak pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Gepleşikleriň barşynda ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri hem ünsden düşürilmedi. Şeýlede bilim babatdaky hyzmatdaşlyga we alyş-çalyş maksatnamalaryna aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Rumyniýanyň uniwersitetlerinde 300 töweregi türkmen talyby bilim alýar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyga ygrarlylyk iki ýurduň bilim ministrlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy bilen tassyklanýar. Mundan başga-da, türkmen tarapy «Nikolae Titulesku» uniwersitetindäki gysga möhletli diplomatik okuwyň möhümdigini aýtdy. Belläp geçsek, bu okuw-treningi ýaş diplomatlar üçin niýetlenendir.

Duşuşygyň ahyrynda daşary işler ministrleri 2024-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna gol çekdiler. Bu resminama iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak baradaky umumy islegleriň beýanydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň