Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady

10:0024.10.2023
0
19246

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň geljegine berk ynanýar we bu guramanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine egsilmez mümkinçilikleriniň açylmagyna goşant goşmak bilen, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem-de pugtalandyrmagy dowam etdirer - diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretaryna iberen gutlag hatynda belleýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi, şeýle-de BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine mähirli gutlaglaryny, täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň