Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, ondan peýdalanmagyň kadalary, şeýle-de Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, öň berlen köne nusgadaky Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ony çalşyrmak üçin esas bolmadyk ýagdaýynda, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň täze nusgasyna çalşyrylmaga degişli däldir.
Döwlet Baştutany agzalan Karara «Migrasiýa hakynda» we «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de «Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 720-nji Permanyna laýyklykda gol çekdi.
Içeri işler ministrligine, Adalat ministrligi bilen bilelikde, şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.