Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi energiýa pudagynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasyny emele getirdi

15:0418.10.2023
0
39130

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny mälim etdi.

«2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijisiniň işe girizilmegi yklymlarda energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulmak mümkinçiliklerini açdy» diýip, Gahryman Arkadag aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem hut şu nukdaýnazaryndan amala aşyrylýar.

«Häzirki wagtda biz türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýäris. Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň