13-nji oktýabrda iki ýurduň ilçihanalarynyň ýakyndan ýardam bermeginde, Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu barada HHM habar berdi.
Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Tbilisi (Gruziýa) —Çžençžou (Hytaý) — Türkmenabat (Türkmenistan) — Saragosa (Spaniýa) — Tbilisi (Gruziýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasy ýolbaşçylary bilen nobatdaky onlaýn görnüşinde duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda, Gruziýa bilen Aziýanyň we Ýewropanyň şäherlerini birleşdirjek Türkmenabadyň Halkara howa menzili üstaşyr nokat hökmünde ulanylyp, ilkinji nobatda onuň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýagny Aziýany we Ýewropany birikdirýän howa ýollary, demir ýol we awtoulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi bilen şertlendirýändigi bellenildi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Gruziýa bilen ýük howa gatnawlary ýola goýup, Kawkaz, Aziýa we Ýewropa ýurtlary ugry hyzmatdaşlygyny giňeldýär.