Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal öz işine başlaýar. Bu iri medeni foruma gatnaşmak üçin, dünýäniň meşhur artistleri Türkmenistana geldiler.
Halkara kinofestiwala gatnaşýan myhmanlaryň arasynda Türkiýäniň «Bozdag group» kinokompaniýasynyň başlygy, meşhur kinorežissýor, prodýuser hem senarist Mehmet Bozdagyň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýet hem bar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň habar bermegine görä, Mehmet Bozdag žurnalistler bilen bolan gürrüňdeşliginde geljekki maksatlary barada şeýle gürrüň berdi:
– Türkmenistan – biziň ata Watanymyz. Oguz hanyň mekany. Biz hem filmlerde ata Watanymyzyň taryhyny açyp görkezmäge ýykgyn etdik. Geljekde Türkmenistanda birnäçe taryhy filmleri surata düşürmegi maksat edinýäris. «Oguz han» hem-de «Alp Arslan» atly filmlerini surata düşürmek meýilleşdirilýär. Oguz han hem-de Alp Arslan dünýä taryhynda uly yz goýan meşhur türkmen taryhy şahsyýetlerdir. Oguz hanyň durmuşy diňe bir türki halklaryny däl, eýsem tutuş dünýä halklaryny hem gyzyklandyrýar. Oguz hanyň taryhda bitiren işlerini tutuş dünýäde giňden wagyz etmegiň möhümdigini bellemek isleýärin.
Ýeri gelende belläp geçsem Anadolynyň gapylaryny giňden açan soltan Alp Arslan hem meşhur serkerdedir. Biziň iki sany taslamamyz bar. Şol taslamalary Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirmegi maksat edinýäris. Bu babatda degişli gepleşikleri geçireris.