Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri GDA-daky kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

14:4512.10.2023
0
27372

Şu gün Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatyň dowamynda wajyp meseleleriň giň toplumy boýunça, şol sanda, halkara we sebit meseleleriniň möhüm ugurlarynyň gün tertibi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alşyldy. Geljekde syýasat, söwda-ykdysady we medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylmaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlise gatnaşanlar 2025-nji ýylda GDA-da Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görmek we ony bellemek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy baradaky, GDA-nyň çempionaty baradaky, GDA-nyň çäklerinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň Meýilnamasy baradaky Çözgütler bilen bagly möhüm taslamalary we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ileri tutylýan ugurlary we garaýyşlary barada bellemek bilen, wekiliýetiň ýolbaşçysy R.Meredow GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýedigini, şunda bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Maslahatyň dowamynda GDA ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen täze pikirler we taslamalar teklip edildi. Şeýle-de ylym-bilim ulgamynda bilelikdäki işleriň geljegine seredildi.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minskde geçirmek barada çözgüt kabul edildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň