Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

12 ― 14-nji oktýabr aralygynda Ýewro ― 2024-iň saýlama duşuşyklary geçiriler

14:3311.10.2023
0
19709

Geljek ýyl Germaniýada geçiriljek 17-nji Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary galan ýerinden dowam eder. Ertirden başlanjak oýunlar 17-nji oktýabra çenli dowam edip, şol 5 günde ýygyndylar 2 duşuşyk geçirerler. Şol bir wagtyň özünde Aziýada Dünýä Kubogy 2026-nyň deslapky saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary, Günorta Amerika saýlama tapgyrynyň nobatdaky oýunlary oýnalar.

Ýewropada geçiriljek saýlama duşuşyklarynyň nobatdaky 2 tapgyrdan soň EURO 2024-e gatnaşjak ilkinji ýygyndylar belli bolup biler.

«A» toparçada Ispaniýanyň ýygyndysy 12-nji oktýabrda ýeňlişsiz barýan Şotlandiýany kabul eder. Norwegiýa bolsa myhmançylykda Kipr bilen duşuşar. Ispanlaryň 2-nji duşuşygy 15-nji oktýabrda myhmançylykda Norwegiýa bilen bolar. Şotlandiýa myhmançylykda Ispaniýany ýeňse, EURO 2024-e ýollanma alar.

«B» toparçada entek gol hem geçirtmedik Fransiýanyň ýygyndysy Niderlandlaryň myhmany bolar. 13-nji oktýabrda oýnaljak bu oýunda fransuzlar ýeňiş gazansa, onda olar Germaniýadaky ýerlerini bronlatdyrarlar. Niderlandlar 16-njy oktýabrda bolsa myhmançylykda Gresiýanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.

«C» toparçada 7 utukly 3 ýygyndynyň arasynda ýiti göreş dowam edýär. Şolaryň 2-si Ukraina bilen Demirgazyk Makedoniýanyň ýygyndylary Pragada duşuşarlar. Angliýa bilen duşuşmazdan ozal, Italiýanyň ýygyndysy Baride Maltanyň ýygyndysyny kabul eder.

«D» toparçada 10 utukly 2 toparyň – Horwatiýa bilen tälimçisini çalşan Türkiýäniň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk toparçanyň liderini kesgitlär. Bu duşuşyk 12-nji oktýabrda oýnalar. Ermenistanyň ýygyndysy-da myhmançylykda Latwiýany ýeňen ýagdaýynda olar hem ýaryşa goşularlar. Horwatiýa 15-nji oktýabrda myhmançylykda Uels bilen, Türkiýe bolsa öz meýdançasynda Latwiýa bilen duşuşar.

«E» toparçada lider barýan Albaniýa 12-nji oktýabrda 2-nji ýerdäki Çehiýany kabul eder. Myhmançylykda Farer adalary bilen duşuşjak Polşanyň ýygyndysynyň ýeňiş gazanyp, täzeden ýaryşa goşulmagyna garaşylýar.

«F» toparçada 13 utukly 2 topar – Awstriýa bilen Belgiýanyň arasyndaky oýun köpleriň esasy üns merkezinde bolar.

«G» toparçada-da utuklary deň bolan Wengriýa bilen Serbiýanyň arasyndaky oýun lideri kesgitlär. Duşuşyk 14-nji oktýabrda Budapeştde oýnalar.

«H» toparçada ýiti göreş alyp barýan 4 ýygyndy özara duşuşar. 14-nji oktýabrda oýnaljak duşuşyklarda Sloweniýa Finlýandiýany, Daniýa bolsa Gazagystany kabul eder.

«I» toparçada Şweýsariýanyň Ysraýyl bilen myhmançylykda geçirjek duşuşygy soňa goýuldy.

«J» toparçada 6 oýunda 24 gol geçirip, derwezesine 1 gol hem goýbermedik Portugaliýanyň ýygyndysy 2-nji ýerdäki Slowakiýany kabul eder. Duşuşyk 13-nji oktýabrda 23:45-de başlar. Duşuşykda Portugaliýa ýeňiş gazansa, çempionata gatnaşmak ugrunda uly mümkinçilige eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň