Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet Baştutanynyň adyndan Aşgabadyň we ýurduň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralaryna “Toyota Camry” awtoulaglarynyň 60-dan gowragy sowgat berildi. Bu barada ''Watan'' habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Şeýle-de, habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda hem-de tabşyrygy boýunça Söwda-senagat edarasynda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda tapawutlanan işgärleri, saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine, meýletinçilik hereketine, howandarlyga mätäç çagalara saglygy goraýyş kömegini bermekde, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işine netijeli usullary ornaşdyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işine uly goşant goşan, köpýyllyk halal we ýadawsyz zähmeti bilen ilatyň saglygyny goramakda ýokary hünär ussatlygyna eýe bolan raýatlary Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy.