Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Burak Özçiwit Türkmenistana geler

17:4310.10.2023
0
135176

Oktýabr aýynda Türkmensitanda halkara kino festiwaly geçiriler. 14-15-nji oktýabrda geçiriljek bu festiwal Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini, ýerli we halkara metbugat wekillerini, medeniýet-sungat ussatlaryny bir ýere jemlär.

Festiwala dünýä kino sungatynda meşhurlyga ýeten ýyldyzlaryň hem birnäçesiniň gelmegine garaşylýar. Olaryň hatarynda «Beýik asyr», «Gurluş: Osman» seriallarynda keşp janlandyran türkiýeli Burak Özçiwitiň, «Taksi» köp bölümli film arkaly meşhurlyk gazanan fransiýaly Sami Naseriniň Aşgabada gelmegine garaşylýar. Mundan başga-da, halkara kino festiwalyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aktýorlary we režissýorlary gatnaşarlar.

Ýeri gelende bellesek, festiwalyň çäginde «RT Doc» teleýaýlymynyň kino işgärleri tarapyndan surata düşürilen ahalteke bedewleri baradaky dokumental filmiň ilkinji görkezilişi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň