Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

11:4110.10.2023
0
25942

Şu gün Türkmenistanda hünär baýramy — saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:

— Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýäris — diýip belleýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ýurtda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek babatda öňdebaryjy tejribeleri milli saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, elýeterliligi we hili yzygiderli ýokarlandyrylýar. Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy, 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasy esasynda Aşgabatda we welaýatlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, şypahana edaralary, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri gurlup, ýurduň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar. Aziýanyň we Ýewropanyň dünýä meşhur öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan bu uly üstünlikler we ösüşler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de onuň nusgalyk işleriniň, ýurtda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir.

— Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk amallaryny geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça gazanylýan üstünlikler örän guwandyrýar. Biz geljekde-de bu ugurda maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmak, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezlerini, köpugurly hassahanalary, şypahanalary, derman kärhanalaryny, saglyk öýlerini gurmak arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň täze ösüşlerini üpjün ederis. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.

Bellenilişi ýaly, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlyk barha berkidilýär. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlarda ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär. Şoňa görä-de, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde ýetilen sepgitler, ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary, derman serişdeleri we öňüni alyş sanjymlary bilen elýeterli üpjün etmekde gazanylan üstünlikler Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan ykrar edilýär. Ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde gazanylan üstünlikler üçin BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan Türkmenistana ýörite nyşanyň gowşurylmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Döwlet Baştutany Gutlagynyň ahyrynda ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine ýüzlenip:

— Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işleriňizde geljekde-de uly üstünlikleri arzuw edýärin — diýip nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň