Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi

16:3506.10.2023
0
32438

Şu gün Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hatyralandy.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresi geçirildi. Çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň müňlerçe raýaty ir säher bilen ýadygärlikler toplumyna geldi.

Gül goýmak çäresinde 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligi hatyralandy. 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesen tebigy betbagtçylyk türkmen paýtagtyny weýran edipdi. Şol pajygaly wakadan bäri 75 ýyl geçdi.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy gaýduwsyz gahrymanlara uly sarpa, türkmen halkynyň öz geçmişine hormat goýmagynyň özboluşly nyşany hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň