Top.Mail.Ru

17 — 19-njy oktýabrda Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri geçiriler

11:4503.10.2023
0
30142

2023-nji ýylyň 17-nji oktýabryndan 19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň medeniýet günleri geçiriler. Çäreler ýurduň paýtagty Aşgabatda we Mary şäherinde bolar.

Medeniýet günleriniň çäginde Tatarystanyň medeniýetine we däp-dessurlaryna bagyşlanan konsertler, sergiler, çykyşlar, ussatlyk sapaklary we beýleki çäreler geçiriler.

Türkmenistanda geçiriljek Tatarstanyň medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, türkmen halkyny Tatarystanyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Ozal Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, Tatarystanyň wekiliýetleri, alymlary, medeniýet işgärleri Türkmenistanda geçirilýän iri halkara maslahatlara we döredijilik festiwallaryna işjeň gatnaşýandyklary barada bellenilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň