Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan mart — awgust aýlarynda Özbegistandan 331 tonna sogan satyn aldy

17:1729.09.2023
0
27451

Türkmenistan 2023-nji ýylyň mart — awgust aýlarynda özbek soganyny import etmekde 13-nji basgançakdan ýer aldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, hasabat döwründe Türkmenistan goňşy ýurtdan jemi 331 tonna sogany import etdi. Netijede bu ugurda 347 tonna özbek soganyny satyn alan Estoniýadan soňra 13-nji basgançakdan orun aldy. Özbegistandan sogan import etmekde öňdäki bäşlige bolsa Gazagystan (136,6 müň tonna), Russiýa Federasiýasy (77,9 müň tonna), Gyrgyzystan (8,6 müň tonna), Belarus (5 müň tonna) hem-de Latwiýa (4,9 müň tonna) giripdir.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň mart — awgust aýlarynyň dowamynda Özbegistan jemi 241,4 müň tonna sogany daşarky bazarlara eksport etdi. Eksport edilen soganyň umumy bahasy bolsa 46,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 54 göterim ýokarlandy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy ýarym milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň