Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynyň düzümine girýän «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dürli görnüşli örtgi materiallarynyň önümçiligine ýöriteleşendir.
«Türkmenmermeriň» önümleri, şol sanda dürli galyňlykdaky bezeg daşlary, arhitektura şekilleri, sütünler üçin örtgi plitalary, germewler, öý kaminleri we basgançaklar gurluşyk pudagynda uly islegden peýdalanýar.
Kärhana 2006-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda açylyp ulanmaga berildi. Zawodyň taslama kuwwaty ýylda 205 müň inedördül metr örtük önümleri bolup, bu önümleri baý görnüşleri bilen tapawutlanýarlar we binagärlere islendik stilde özboluşly dizaýn döretmäge mümkinçilik berýärler.
Zawodyň dünýäniň meşhur öndürijileriň döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýerli çig maldan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply materiallary öndürmäge mümkinçilik berýär.
«Türkmenmermer» ÝGPJ importyň ornuny tutýan kärhana bolmak bilen, innowasion esasda önümçiligini giňeltmegi we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Telefon belgileri:
- (+993 12) 52 24 17;
- (+993 12) 52 24 21;
- (+993 12) 52-24-21 (faks).
Şeýle-de okaň: