Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlagy

08:4627.09.2023
0
37031

Şu gün Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryna Gutlag hatyny ýollady.

«Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Sizi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşyndaky örän möhüm sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ajaýyp üstünliklerimize bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. Mundan 32 ýyl ozal Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, şu günki ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň binýady berkden tutuldy. Geçen ýyllarda merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik hem-de gurujylyk güýji netijesinde berkarar Watanymyz hemmetaraplaýyn ýokary depginde ösýän döwlete öwrüldi. Gysga döwürde gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy.

Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, biz Türkmenistany ynamly öňe alyp barýarys. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösdürilmegine, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Obalarymyzy hem-de şäherlerimizi abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny bina etmek, ýolgurluşyk, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýäris.

Şu ýyl ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik. Erkin bäsdeşlik, açyklyk we demokratik kadalar esasynda ählihalk saýlawlaryny geçirip, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň täze düzümini saýladyk. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmaga ýardam berýän ençeme iri we durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetli desgalary gurup ulanmaga berdik. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny dabaraly açdyk hem-de bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berdik. Ýurdumyzyň ykdysady we jemgyýetçilik ösüşindäki bu üstünlikler, uly zähmet ýeňişleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyzlygymyzyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini has-da dabaralandyrýan şanly wakalara öwrüldi.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasatymyzy gyşarnyksyz amala aşyrmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara gatnaşyklary yzygiderli ösdürýäris. Bu gün dünýä bileleşigi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyna uly sarpa goýýar we biziň öňe sürýän möhüm başlangyçlarymyzy işjeň goldaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça şu ýyl «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi berkarar Watanymyzyň dünýädäki ornunyň, at-abraýynyň we täsiriniň yzygiderli artýandygyny ykrar edýän guwandyryjy wakalardyr.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna işjeň gatnaşyp, häzirki zamanyň örän derwaýys meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň täze sepgitlere çykýandygyny aýdyň görkezýär. Baş Assambleýanyň belent münberinden biziň öňe süren şol başlangyçlarymyz we tekliplerimiz Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmek, daşky gurşawy goramak ýaly häzirki döwrüň düýpli meseleleri boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä giňişligindäki at-abraýyny we oňa hormaty has-da berkidýär.

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Sizi ata Watanymyz Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitleri nazarlaýan hem-de beýik maksatlary öňde goýýan merdana halkymyza berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, asuda we abadan durmuş arzuw edýärin. Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, eziz Diýarymyzyň at-abraýy dünýä dolsun!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň