Aşgabatdaky «Bäşörüm» çörek we konditer önümleri dükany ýokary hilli çörek önümleriniň we süýjülikleriň köp dürli görnüşlerini alyjylara hödürleýär. Assortimentde — tortlar (biskwit, miweli, şokolad kremli, «napoleon», «medowik» we başgalar), tozly we bally çörek kökeleriň onlarça görnüşi, pirožnylaryň, bulkalaryň, kruassanlaryň hem-de ruletleriň onlarça hili görnüşleri bar. Şeýle hem çörek önümhanasyndan hemişe täze, gyzgyn çörekleri satyn almak bolýar.
Telekeçi Aknabat Gurbanowa tarapyndan açylan «Bäşörüm» konditer önümleriniň dükany Aşgabadyň süýjülik tagamlaryny halaýan raýatlaryny 2019-njy ýyldan bäri özüniň datly önümleri bilen begendirip gelýär. Konditer önümleri müşderiniň islegine görä, islendik stilde, tematiki bezegde, multfilm gahrymanlarynyň şekilleri hem-de reňkli ýazgylar we ş.m bilen dürli özboluşly ýagdaýlar üçin (ulularyň ýa-da çagalaryň doglan güni, ýubileý, oturylyşyk we ş.m.) tortlary taýýarlamakda sargytlary kabul edýär.
Şeýle-de "Bäşörüm"öz müşderilerini begendirmek maksady bilen baýramçylyk günleri mynasybetli aksiýa hem arzanladyş yglan edýär.
«Bäşörüm» müşderileriniň dykgatyna tortlary we süýjülikleri Aşgabadyň islendik ýerine eltip bermek hyzmatyny ýetirýär. Önümleriň hasabyny bank kartlary arkaly ýa-da nagt töläp bileresiňiz.
«Bäşörüm» konditer dükany müşderilere şu salgyda garaşýar: Aşgabat ş., A.Berdiýew köçesi (ozalky Ýerewanskaýa), 163-nji jaý. Iş wagty: 7:00-dan 22:00-a çenli, her günde. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 34 55 22 we (+993 65) 34 88 11.