Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär

10:0820.09.2023
0
36077

Aşgabadyň demir ýol menzilinde ýerleşýän «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýük bölümi müşderilerine tutuş Türkmenistan boýunça dürli ululykdaky we agramly ýükleri ibermek hem-de kabul etmek hyzmatlaryny hödürleýär.

Bu hyzmatdan kompaniýalar we kärhanalar, şeýle hem raýatlar peýdalanyp bilerler. Bu hyzmat esasan hem uly göwrümli ýükleri we öndürilýän harytlary daşamak bilen meşgullanýan hususy işewürligiň wekilleri üçin amatlydyr.

«Türkmenpoçtanyň» ýük bölüminden peýdalanmagyň esasy artykmaçlyklarynyň biri hem ugradylan goşlaryň we ýollamalaryň öz wagtynda barmagynyň hem-de abatlygynyň kepillendirilmegidir. Ähli harytlar bir günüň içinde eltilýär.

Ýük ibermek üçin resminamalary doldurmagyň tertibi köp wagty talap etmeýär. Pasportyňyzy görkezmek we habarlaşmak üçin telefon belgisini bermek ýeterlikdir. Alyjy, öz gezeginde, ýüki alýan wagtynda öz pasportyny görkezýär.

Poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabadyň demir ýol menzilinde ýerleşýän ýük bölümine ýük iberilen ýagdaýynda, alyja ýüküň alynmaga taýýardygy habar berler, bu bolsa amallary ýeňilleşdirer.

Şeýle hem poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýük bölümi ýükleri daşamak üçin, meselem, şäherden şähere göçülende öý goşlaryny getirmek üçin awtoulaglary kärendesine almak hyzmatlaryny hödürleýär. Hyzmat tölegli esasda elýeterlidir we goşlaryň howpsuz hem-de netijeli daşalmagyny üpjün edýär. Şeýle hem goşmaça töleg bilen ýükleri gönüden-göni Aşgabatdaky müşderiniň salgysyna eltip bermek hyzmatyny sargyt etmek mümkindir.

«Türkmenpoçtanyň» Aşgabatdaky ýük bölüminiň belgisi: (+993 12) 94 20 34.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işi barada has giňişleýin maglumaty resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň