Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

09:1219.09.2023
0
20052
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Surat: un.org

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, häzirki wagtda Nýu-Ýorkda iş saparynda bolýar. Saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabr güni BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň sekretariatynyň binasyna bardy. Ol ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşylady.

Baş sekretar Antoniu Guterriş Prezident Serdar Berdimuhamedowa ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny mübärekläp, ony Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady we bu mejlisiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine hem-de dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, pursatdan peýdalanyp, BMG-niň sekretariatynyň ähli işgärlerine bilelikde işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpýyllyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, netijeli hyzmatdaşlyk türkmen tarapynyň öňe sürýän sebit we umumy dünýä häsiýetli oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dürli ulgamlarda iri taslamalary we maksatnamalary bilelikde amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň