Soňky habarlar

Arhiw

Diabetde deride döreýän ýaralary çalt bitirýän işdäaçar belli edildi

12:0616.09.2023
0
34414

Tähranyň Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň alymlary ysmanagyň ekstraktynyň süýji keselli alakalarda ýaralary çalt bitirýändigini anykladylar. Ylmy barlagyň netijeleri «Scientific Reports» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Süýji keseli köpsanly uzaga çekýän agyrlaşmalar bilen baglydyr, olaryň biri hem aýlarboýy, hatda ýyllara çekýän, bitmeýän ötüşen ýaralardyr.

Eýranly alymlaryň alakalarda täze geçiren barlaglarynyň netijesinde, ysmanagyň suwunyň ýaralary tiz bitirýändigi anyklandy.

Alnan netijeler ysmanakda kollageniň, fibroblastlaryň hem-de ýaralardaky damarlarda dykyzlygy ýokarlandyrýan ýokumlaryň bolmagy bilen bagly diýlip, alymlar çaklaýarlar. Olaryň biri-de С ýokumydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň