Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek teklibini öňe sürdi. Bu barada TDH habar berdi.
«Türkmenistan sebitiň ekologiýa meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edýär, ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde ekologiýa gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça anyk we yzygiderli işleri geçirip bilerdi» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, mundan başga-da, sebitiň ýurtlaryna Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesi möhüm bolup durýar.
«Bu ugurda bilelikdäki diplomatik tagallalarymyzy işjeňleşdirmegi teklip edýäris» – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.