Soňky habarlar

Arhiw

Meksikada başga planetalylaryň galyndylary bilen tanyşdyryldy

17:2414.09.2023
0
36452

Meksikanyň Parlamentiniň näbelli uçýan obýektlere bagyşlanan mejlisleriniň birinde başga planetalylaryň mumyýa edilen galyndylary görkezildi diýip, «Rambler.ru» habar berdi.

Hünärmenler galyndylary Perudaky Naska şäherinden tapypdyrlar, gazuw-agtaryşlar wagtynda daşa dönen suwotularyň gatlagynda olaryň üstünden barlypdyr. Ol ýerde 14 başga planetalynyň galyndylary ele salnypdyr, olar beden gurluşy babatda adamlary ýatladýarlar.

Başga planetalylaryň iki eli, jübüt gözi we kellesi bolupdyr. Emma olar üç barmakly we boýnunyň ýeňse tarapy uzyn.

Radiouglerod barlaglary galyndylaryň müň ýaşlydygyny anyklady, molekulýar barlaglara görä, olar zeminden däl-de, başga planetaly bolmaly diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň