Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurtda bolup geçen hem-de köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.
Maglumat berlişi ýaly, 9-njy sentýabr gijesi Marakeşden 80 km uzaklykda ýerleşýän daglyk ýerde 7.2 ball derejede ýertitremesi boldy. Iň soňky maglumatlara görä, tebigy betbagtçylyk zerarly pidalaryň sany 632-ä, ýaralananlaryň sany bolsa 329-a ýetdi.